Ukraina'nyň Howpsuzlyk Gullugy, Terrorçylyga garşy merkeziniň başlygy, Dmitriý Kozýura'nyň Russiýa Federasiýa'synyň FSB'sinde işleýändigini anyklady. Habar berlişine görä, 2018'nji ýylda Awstriýa'da Rus FSB'si tarapyndan işe alyndy. Birnäçe wagtlap kör içaly bolup işledi we 2024'nji ýylyň ahyrynda Russiýa Federasiýa'sy onuň bilen dowamly aragatnaşyklaryny ýola goýdy.
İçalynyň Rus FSB'ne beren esasy bilgileri:
●Ukraina'nyň frontda harby güýçleriniň ýerleşdirilmegi we hereketi barada maglumat;
●Ukraina'nyň goranmak güýçleriniň ýaraglary barada maglumat;
●Kritiki infrastruktura (alt ýapy) desgalarynyň ýagdaýy barada maglumat;
●Russiýa'nyň, Ukraina garşy gurnaýan roket hüjümleriniň netijeleri;
●Ukraina'nyň ýokary harby-syýasy ýolbaşçylary barada maglumat;
●2024'nji ýylyň Dekabrynda, Russiýa'nyň Ukraina garşy gurnan kiber hüjüminden soň, döwlet bellige alyş sistemasynyň işleýşi barada maglumat.
SBU'nyň Derňewiniň netijesinde, içalynyň Rus'lar bilen aragatnaşyk saklamak üçin, Kiýew'de howpsuz jaýdan peýdalanandygyny we şahsy jübi telefonynyň hemde Wi-Fi paýlaýjy enjamynyň bardygyny anyklandy.
İçalynyň Ukrain döwletine garşy dönüklikde ähli subutnamalary tassyklanyldy.