HSM Habarlary

@hsmhabar


Habarlaryňyzy bize ýetirmek üçin https://t.me/Habarber

Biziň bilen işleşmek üçin: [email protected] e-mail arkaly biziň gapymyzy kakyp bilersiňiz.

HSM Habarlary

22 Oct, 20:18


🇷🇺 ASTRA kanaly Demirgazyk Koreýa'nyň esgerleriniñ, Russiýa'nyň Primorsk sebitine gelendigini subut edýän başga bir wideo çap etdi. Sergeýewka obasyndaky 44980 harby bölüm.

HSM Habarlary

22 Oct, 17:55


🇺🇦 Zelenskiý, Demirgazyk Koreýa'dan 6 müň esgerden ybarat iki brigadanyň Ukraina garşy söweşjekdigini öňe sürdi.

Bu kyn. Emma bu kynçylyga nähili jogap bermelidigini bilýäris. Şeýle hem hyzmatdaşlarymyzyň bu kynçylykdan gaça durmazlygy möhümdir diýdi.

HSM Habarlary

22 Oct, 17:50


🇫🇲 NATO'nyň Baş sekretary, Günorta Koreýa, indiki hepde Demirgazyk Koreýa'nyň esgerleriniň, Ukraina'daky konflikte gatnaşygynyň subutnamalaryny hödürlär.

HSM Habarlary

22 Oct, 17:39


🇹🇷 Türkiýe'den gorkunç habar.

Türkiýe'niñ Adana ilçesinde, gaýynatasy öz janyna kast eden oglunyň ölümine jogapkär bolan, oglunyň gelini, öz aýal doganyny we oglanyñ ejesini atyp öldürdi.

Oglunyň ölüminde olary günäkärledi we sözlerine görä olary hilegär diýip häsiýetlendirdi.

HSM Habarlary

22 Oct, 09:21


🇹🇲 Balkan welaýatynyñ Türkmenbaşy şäherine ýagyş suwalarynyñ gelendigini görkezýän ýene-de bir wideo.

HSM Habarlary

22 Oct, 09:18


🇰🇵🇷🇺 Demirgazyk Koreýa, Russiýa ibermändigini aýtdy - Günorta Koreýa'nyň Ýonha habar gullugy

Demirgazyk Koreýa'nyň BMG'däki wekili, ýaragsyzlanmak we halkara howpsuzlygy baradaky ýygnakda muny yglan etdi. Russiýa bilen Demirgazyk Koreýa'nyň arasyndaky gatnaşyklary pese gaçyrmaga gönükdirilen esassyz myş-myşlara teswir bermek zerurlygyny hasaplamaýandygyny aýtdy.

HSM Habarlary

22 Oct, 09:14


Putin BRICS sammitinde dollary ýeňmek meýilnamasyny hödürlär - The Economist"

Russiýa'nyň prezidenti, Kazan'da geçiriljek BRICS sammitinde täze maliýe ulgamynyň döredilmegini teklip eder. Neşiriň habaryna görä, ABŞ'nyň dünýäni maliýeleşdirişine agalyk edip biljek we bir ýylyň içinde döredilip bilinjek BRICS Bridge ulgamy barada aýdylýar.

BRICS Bridge, Halkara hasaplaşyk banky tarapyndan bölekleýin dolandyrylýan mBridge taslamasyndan düşünje alyp biler. Hytaý ulgamyň döredilmegine goşant goşdy we mBridge'niň arkasyndaky programma üpjünçiligi we kody boýunça öňdeligi eýeledi. Neşiriň çeşmelerine görä, Hytaý BRICS köprüsini döretmek üçin, häzirki wakalardan peýdalanyp biler.

Makalanyň awtorlarynyň pikiriçe, BRICS töleg ulgamy ösýän ýurtlar üçin gyzykly bolup biljek arzan we has çalt amallary üpjün eder. Günbatar resmileri hem meýilnamanyň sanksiýalardan dynmak üçin işlenip düzülmeginden gorkýarlar.  Bu ABŞ'nyň pozisiýasyny gowşadar. Amerika halkara tölegleriň iň uly merkezi bolansoň, Waşington sanksiýalar arkaly beýleki ýurtlara täsir etdi.

İň çynlakaý synanyşyk, walýuta bilen goldanýan sanly pullary ulanmak meýilnamasydyr. Bu ýagdaýda merkezi banklaryň dollar hasaplaşyklary bolan banklar däl-de, serhetara amallaryň merkezinde boljakdygy bellendi.  Bu, hiç bir ýurduň beýlekisini maliýe ulgamyndan aýryp bilmejekdigini aňladýar.

Täjirçilik banklary amallaryny öz merkezi banklarynyň üsti bilen amala aşyrjakdygy sebäpli, bank ulgamynyň tor täsirlerinden geçip, daşary ýurt banklary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary saklamaly bolmaz diýip bellenilýär.

HSM Habarlary

22 Oct, 09:05


🇬🇧🇺🇦 Angliýa'nyň hökümeti, G7 ýurtlaryndan doňdurylan Rus emläklerinden alnan girdejileriň, öwezini dolmak maksady bilen, karz hökmünde Ukraina 2,93 milliard dollar bölüp berjekdigini yglan etdi.

HSM Habarlary

22 Oct, 08:25


🇺🇦 Demirgazyk Koreýa'nyň esgerleriniñ fronta girendigi barada maglumat tassyklansa, Seul Ukraina goşun iberip biler - Newsweek

Habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, Günorta Koreýa'nyň işgärleri, Ukraina'nyň Ýaragly Güýçlerine Demirgazyk Koreýa'ly tussaglary sorag etmekde we geçirmekde kömek edip bilerler, şeýle hem tälimçi bolup, Ukraina'lylara Demirgazyk Koreýa'nyň taktikasyny hödürläp bilerler.

HSM Habarlary

22 Oct, 08:21


🇫🇷🇺🇦 Fransiýa'nyň Goranmak ministri, Zelenski'niň ýeňiş meýilnamasy barada teswir edip, Günbataryň Ukraina'ny ýadro howpundan goraýan serişdeleri üpjün etmegi göz öňünde tutmagyň wagty gelendigini aýtdy.

HSM Habarlary

22 Oct, 02:19


🇮🇹 Rowaýatda aýdylşy ýaly, ölüm jezasy berilen Rimli Kimon, höküm ýerine ýetirilýänçä türmede saklanylýar.

Kimon naharlanmasa şeýle-de öler diýip, oňa nahar bermegi bes edýärler.
Onuň gyzy Pero kakasyny her gün baryp görmäge, arassalamaga, suw içirmäge rugsat berilýär, emma oňa nahar getirmek gadagan edilýär.

Ýaş çagasyny emdirýän Kimonyň gyzy, açlykdan horlanýan kakasynyň ejir çekişine döz gelip bilmän oňa gizlinlikde öz süýdüni bermeklige karar berýär.

Şol döwürlerde ululary, ene-atasyny emdirmek gaty günä hasaplanypdyr. Ýöne gyz öz janyny töwekgelçilige salyp, kakasyny halas etmek üçin ähli zatdan geçýär.

Bir aý geçýär, ikinji aý geçýär, ýöne ýaşuly açlykdan ölmeýär. Gözegçiler ony yzarlamaga başlaýarlar, gyzynyň kakasyny süýdi bilen emdirýändigini görýärler. Bu ýagdaýy kazylar mejlisine habar berýärler. Kazylar gyzyň eden hereketine haýran galyp, hem gyzy, hem-de kakasyny bagyşlaýarlar. Şeýlelikde, gyz öz janyny orta goýup, kakasyny halas edipdir.

“Rim rehimdarlygy”, Rubens, 1616. Ermitaj.

HSM Habarlary

21 Oct, 16:50


🇺🇸🇺🇦 Pentagon'yň başlygy: Ýewropa'nyň geljegi, NATO we Amerika'nyň howpsuzlygy, Ukraina'nyň azatlyk ugrundaky göreşine baglydyr.

Ukraina'nyň azatlyk ugrundaky göreşiniň netijeleri, global howpsuzlygyň ugruny kesgitlär. Şu wagt Ýewropa'nyň geljegi, NATO güýçleri howp astyndadyr. Amerika'nyň howpsuzlygy hem howp astyndadyr  - diýdi.

HSM Habarlary

21 Oct, 16:45


🇲🇩 2024'nji ýylyň 20'nji oktýabrynda Moldowa'da geçirilen saýlawlar we referendum ýurduň geljegine möhüm täsir etdi.
Häkimiýet başyndaky partiýa, Moldowa'nyň Ýewropa Bileleşigine goşulmak maksadyny konstitusiýa goşmak üçin referendum geçirdi

Şeýlelikde saýlawçylaryň 50,46% göterimi, Ýewropa'nyň integrasiýasyna ses berdi, 49.54% göterimi bolsa, Ýewropa garşy çykyp, Rus tarapdarlary goldadylar.

Ýurduň Merkezi saýlaw komissiýasynyň maglumatlary, teswirnamalaryň 100% göterimini gaýtadan işlemegiň netijelerine esaslanýar.

HSM Habarlary

21 Oct, 16:26


🇷🇺 Russiýa, ABŞ ýykylýança Günbatary gowşatmaly ýa-da iň bolmanda SSSR'iň ýyllaryndaky ýaly döwletlere garşy doly hukukly deňagramlylygy döretmeli - Medwedew

HSM Habarlary

21 Oct, 16:05


🇺🇸🇺🇦 ABŞ'nyň Goranmak ministri Lloýd Austin, Kiýew'e resmi däl sapar bilen geldi. Zelenskiý bilen duşuşdy we ABŞ'nyň Ukraina, 400 million dollarlyk goşmaça harby kömek bukjasyny bölüp berendigini habar berdi. Şoňa laýyklykda oklar, roketler, gözleg uçarlary, ýaraglar we sowutly ulaglar Ukraina berler.

Austin, Zelenskiý bilen duşuşygyndan soň, Ukrain generallary bilen ýapyk ýygnak geçirer.

HSM Habarlary

21 Oct, 13:07


🇹🇲 Aşgabat şäheriniñ Çoganly bölgesinde ýaşaýan zenan watandaşymyz, häzirki ýaşap oturan ýerini elinden almakçy bolýan onuñ goñşusy, polisiýanyñ aýaly bilen dawalaşýar.

Ähli resminamalarynyñ bar bolmagyna garamazdan, ýaşaýan ýeriniñ elinden alynjak bolunýan zenan watandaşymyz, Türkmenistan'da adalatyñ we kanunyñ ýokdugyny subut edýär.

Muña meñzeş adalatsyzlyklar birnäçe gezek bolup geçipdi we bolmasyny dowam etdirýär.

HSM Habarlary

21 Oct, 12:53


🇹🇲 Soñky 1 aýyñ dowamynda, Türkmenistan'da iýmit ýaglary gymmatlap, ozalky 15 manatlyk 1 litr iýmit ýaglarynyñ bahalary, häzirki wagtda 30 manada çenli ýokarlanypdyr. Maddy durumy pes bolan türkmen halkynyñ agramly bölegi bolsa häzirki wagtda iýmit ýagyny satyn almakdan ejir çekýändiklerini, watandaşlarymyz biziñ habar kanalymyza ýetirdiler.

Bu wideoda bir zenan watandaşymyz, ýüzleşen wakasyny, ýagny Türkmenistan'da iýmit ýaglarynyñ elýeterli bahadan bolmandygy sebäpli, satyn almakdan ejir çekýän halkyñ  ýagdaýlaryny sosial ulgamlarda wideo çekip paýlaşdy.

HSM Habarlary

21 Oct, 11:09


🇹🇲 Şu şypahanalarda diñe daşary ýurtlarda işläp gelen watandaşlarymyz dynç alyp biler diýip, bir zenan watandaşymyz türkmen halkyna ýüzlenipdir.
Bu ýurt içindäki watandaşlarymyzyñ pul serişdeleriniñ çäkli, hatda düýbünden ýoklugyny añlatmaýarmy eýsem?
Şeýle hem, şuna meñzeş sagaldyş merkezleri we beýleki köpçülikleýin dynç alyş ýerleriniñ, hususy eyeçilikde däl-de döwletiñ garamagynda bolmagy, häzirki döwriñ ýaşaýyş şertlerine gabat gelmeýär.
Şuña meñzeş düşünjeler paýlaşylmaly boljak ýaly.

HSM Habarlary

21 Oct, 09:24


Türk din adamsy, şol bir wagtda FETO teror toparynyñ ýylbaşçysy Fethullah Gülen, ABŞ'da 83 ýaşynda aradan çykdy.

Türk resmileriniñ habar bermegine görä, Fethullah Gülen Erdogan'yň esasy bäsdeşi diýilýär. Gülen 2016'njy ýylda Türkiýe'däki şowsuz döwlet agdarylyşygynyň arkasynda duranlardan esasysy. Erdogan, Fethullah Gülen'i ABŞ'dan ekstradisiýa edilmegini birnäçe gezek haýyş etdi. Amerika bolsa, Türkiýe'niñ haýyşyny ýerine ýetirmedi.

Fethullah Gülen'iñ Türkmenistan'da-da ýetişdiren adamlarynyñ bardygyny, we yetişen Gülen jamagatynyñ agzalary häzirki wagtda Türkmenistan'yñ ýokarky gatlaklarynda orun alandygyny watandaşlarymyza ýatladýarys.

HSM Habarlary

21 Oct, 09:05


🇹🇲 Balkan welaýatynyñ Türkmenbaşy şäheriniñ umumynda güýçli ýagyşyñ ýagmagy sebäli, siliñ gelen pursatlary.

Ýagyş suwlary Türkmenbaşy. ( Nebitdag ) şäheriniñ, gyraky oba ýerlerine hem täsirini ýetiripdir. Ýerli ýaşaýjylaryñ habar bermegine görä, munuñ ýaly güýçli ýagyş köp ýyllardan bäri ýagmandygyny aýtdylar.